29-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Seýşeller Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyna ünsi çekip, ýangyç-energetika toplumyny, himiýa we dokma senagatyny, oba hojalygyny geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezdi. Şeýle-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, seýşeller tarapyny ýurdumyzda geçirilýän sergilere we halkara maslahatlara işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
Myhman Seýşeller Respublikasynyň Prezidenti Patrik Ermininiň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Hormatly Prezidentimiz hem Seýşeller Respublikasynyň döwlet Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, myhmanyň bu saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryna itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Söhbetdeşler abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki özara hyzmatdaşlyga ünsi çekdiler.
“Biz geljekde hem ýurtlarymyzyň daşary syýasat edaralary tarapyndan halkara giňişlikde alnyp baryljak işleri utgaşdyrmagy goldarys” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek, hususan-da, syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan ýene bir mesele boldy. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda tejribe alyşmak hem-de geljekde syýahatçylygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ýurdumyzyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça seýşeller tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi