744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
30.04.2026
Türkmen-hytaý işewürler forumynyň bir bölümi ýangyç-energetika pudagyna bagyşlandy

Düýn, 29-njy aprelde Aşgabatda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumyň çäklerinde oňa gatnaşyjylara hemmetaraplaýyn strategik häsiýete eýe bolan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ösüşi baradaky wideoşekiller görkezildi. Netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde geçen döwürde durmuşa geçirilen birnäçe taslamalary, ilkinji nobatda, Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisini görkezmek gerek.

Forumyň işi bölümlerde dowam edip, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlary ýörite mejlislerde giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol bölümleriň biri ýangyç-energetika pudagyna bagyşlandy.

“Ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň täze tapgyry” atly mejlisde iki ýurduň özara söwda dolanyşygynyň möhüm bölegini düzýän pudakda durmuşa geçirilen we badalga berlen taslamalar barada giňişleýin durlup geçildi. Nygtalyşy ýaly, bu ugurda uly mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistan tebigy gazy Hytaýa eksport edýän esasy döwletleriň biridir. Gazhimiýa senagaty hem ösýär, bu pudagyň öndürýän önümleriniň dürli görnüşleri dünýä bazarlaryna ýerlenilýär. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden netijeli peýdalanmak ara alyp maslahatlaşmalaryň wajyp ugurlarynyň biri boldy. Türkmenistan energetikanyň däp bolan gazylyp alynýan görnüşleri bilen birlikde, «ýaşyl» energetikany yzygiderli ösdürmegi-de maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, ekologik taýdan arassa gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini, esasan-da, Gün we ýel energiýalaryny netijeli peýdalanmakda özara hyzmatdaşlyk etmek babatda uly mümkinçilikler bar.

Mejlisde ýangyç-energetika pudagy üçin ýöriteleşdirilen tehnikalar bilen üpjünçilikde, gazhimiýa pudagynyň infrastrukturalaryny döwrebaplaşdyrmakda özara gatnaşyklar üçin açylýan mümkinçilikler beýan edildi.

Forumyň dowamynda ykdysadyýetiň, maýa goýumlaryň dürli ugurlaryndaky, ösen tehnologiýalar pudagyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň ýollary, söwda dolanyşygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri seljerildi hem-de bilelikde işlemek üçin anyk ugurlar kesgitlenildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi