744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
30.04.2026
Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodda 217,1 göterim ösüş gazanyldy

Türkmenistanda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň işçi-hünärmenleri şu ýyly ýokary önümçilik görkezijilerine beslemek ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Olaryň yhlasy ýerine-de düşýär. Dünýäniň ilkinji gazhimiýa zawodynda şanly ýylyň geçen üç aýynda gazanylan önümçilik görkezijileri munuň şeýledigine şaýatlyk edýär.

Zawodda şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda 153 million 610 müň manatlyga golaý önüm öndürildi. "Bu görkeziji, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, zawodyň önümçilik işinde iki esseden hem gowrak, ýagny 217,1 göterim ösüş depgininiň üpjün edilendigini görkezýär" diýlip, "Türkmenistan" gazetinde habar berildi.

Zawodyň esasy önümi tebigy gazy gaýtadan işlemek arkaly çykarylýan ECO-93 kysymly benzindir. Degişli döwürde ol ýerde öndürilen ýokary hilli we ekologiýa talaplaryna kybap gelýän önüm baglaşylan şertnamalar esasynda sarp edijilere ugradyldy.

 

Çeşme: "Türkmenistan" gazeti