«Aýdyň Gijeler» kompaniýasy nebitgaz pudagy üçin täze nesliň radioterminallarynyň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada «Biznes Türkmenistan» web saýty kompaniýanyň üpjünçilik we satyn alyş bölüminiň müdiri Ruslan Taşowa salgylanyp, habar berýär.
Bu radioterminallar köpugurly bolup, ýokary derejeli howpsuzlygy bilen tapawutlanar. Şeýle hem olar nebitgaz pudagynda işleýän hünärmenleriň işini ýeňilleşdirer.
Şeýle hem kompaniýa öz tehnologiýa çözgütlerini Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň edara we önümçilik infrastrukturasynda ulanmak üçin hödürleýär. Bu çözgütleri «Galkynyş» käninde hem ulanyp bolar.
Kompaniýanyň üpjünçilik we satyn alyş bölüminiň ýolbaşçysyna aýtagyna görä, «Aýdyň Gijeler» uzak wagtdan bäri ýurduň energetika infrastrukturasyny goldamaga gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirýär we pudakdaky edara hem-de önümçilik gurşawlaryna aýratyn üns berýär.