Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýakynda açylan «Lu Ban ussahanasy» degişli ugurlar boýunça ýokary derejeli, kämil hünärmenleri taýýarlamakda uly ähmiýete eýe boljak okuw-önümçilik merkezine öwrülýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalada aýdylýar.
Bellenilişi ýaly, ussahanada «Gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň geologiýasy we gözlegi», «Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (nebitgaz pudagynda)» bakalawr taýýarlyk ugurlary boýunça nebitgaz hem-de beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralary üçin ýokary derejeli ýaş hünärmenler taýýarlanylar. Şeýle hem professor-mugallymlaryň we Hytaýyň Türkmenistanda işleýän hünärmenleriniň hünär derejelerini ýokarlandyryş okuwlary geçiler. Bu ýerde ýurdumyzyň we Hytaýyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplary tomusky okuw-önümçilik tejribeliklerini geçerler. Bu işleri amala aşyrmak üçin «Lu Ban ussahanasynda» geologiýa ugry boýunça 2 sany tejribehana otagy, 4 sany maglumat tehnologiýalary otagy, şeýle hem serwer, kiçi mejlisler, mugallymlar otaglary göz öňünde tutuldy.
Häzirki döwürde 30-dan gowrak ýurtda, şol sanda Beýik Britaniýada, Portugaliýada, Pakistanda, Müsürde we Merkezi Aziýa ýurtlarynda hereket edýän «Lu Ban ussahanasy» ýurdumyzda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Sianyň nebit uniwersitetiniň, Hebeýiň nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) hem-de Hytaýyň Bilim ulgamynda halkara alyşmalar boýunça assosiasiýasynyň gatnaşmagynda gol çekilen resminama laýyklykda döredilip ulanmaga berildi. Onda geologiýa, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklaryny gözlemek, maglumat ulgamlary, tehnologiýalar ýaly ugurlarda akademiki we beýleki hünärmenleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Şeýle-de mugallymlardyr talyplar bilen maglumatlary alyşmak, ylmy barlaglary alyp barmak boýunça çäreleri guramak göz öňünde tutulýar.
Taslama Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ylym-bilim ugurly gatnaşyklary berkitmek arkaly ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin zerur hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir.
Çeşme: «Türkmenistan» gazeti