744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
01.05.2026
Türkmenistan bilen Täjigistanyň nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Guwanç Agajanow ýakynda Täjigistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niýatbekzoda bilen duşuşdy. Bu barada dostlukly döwletiň Aşgabatdaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Gepleşikleriň barşynda taraplar nebitgaz pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

"Duşuşyk konstruktiw ýagdaýda geçdi" diýlip, diplomatik wekilhananyň habarynda aýdylýar.