744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
01.05.2026
CNPC Türkmenistana 13 milliard amerikan dollaryndan gowrak maýa goýdy

Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça Baş ylalaşyga gol çekilen wagtyndan bäri hytaý-türkmen hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrylyp, ajaýyp miwelerini berdi. Geçen 20 ýylyň dowamynda Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) diňe bir bu asylly işe gatnaşyjy bolman, eýsem, oňa öz goşandyny goşdy we peýda gazandy. Bu barada Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan Aşgabatda «Türkmenistan – Hytaý Halk Respublikasy: gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyly» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilen günlerinde «Türkmenistan» gazetine beren interwýusynda belledi.

"Biz ýylda umumy möçberi 40 milliard kub metre deň bolan türkmen mawy ýangyjyny satmak we satyn almak hakynda ylalaşyklara gol çekip, gatnaşyklarymyzyň gerimini yzygiderli giňeltdik. Häzirki wagta çenli Türkmenistandan 460 milliard kub metrden gowrak tebigy gazy import edip, hyzmatdaşlygyň çägindäki özara haryt dolanyşygynyň möçberini 93 milliard amerikan dollaryna ýetirmegi başardyk. Amyderýanyň sag kenarynda özleşdirilýän gaz ýatagy indi 17 ýyldan bäri durnukly işläp, ondan 190 milliard kub metre golaý tebigy gaz çykaryldy. Bu günki gün «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginde alnyp barylýan bilelikdäki işler hytaý-türkmen energetika hyzmatdaşlygynyň ajaýyp nusgasyna öwrüldi" — diýip, Daý Houlýan nygtaýar.

Bellenilişi ýaly, «CNPC» «Galkynyş» gaz käniniň birinji tapgyry ýaly esasy desgalaryň gurluşygyna gatnaşyp, burawlamak boýunça 100 göterim üstünlik gazandy. Munuň özi buraw desgalarynyň öndürijiligini has-da ýokarlandyrmaga ýardam etdi. Korporasiýa adam kapitalyna işjeň maýa goýmaga uly ähmiýet berýär.

"Biz türkmen talyplarynyň 200-e golaýynyň Hytaýda talyp hakly esasda okamagyna, hünärmenleriň bolsa 56 müňden gowragynyň hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçmegine kömek edip, Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ösüşine goşant goşandygymyza buýsanýarys. Biz öz borçnamalarymyzy berjaý edip, Türkmenistana 13 milliard amerikan dollaryndan gowrak maýa goýduk we 8 müňden agdyk täze iş ornuny döretdik. Şonuň bilen birlikde, ýurtda infrastrukturany gowulandyrmaga, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna, medeni, haýyr-sahawat ugurly taslamalara yzygiderli gatnaşýarys. Umuman, gaz pudagyndaky hytaý-türkmen hyzmatdaşlygynyň iki onýyllygynda gazanylan netijeler örän gymmatly bolup, toplanan tejribeler täze-täze maksatlar barada oýlanmaga iterýär... Biz geljekde-de özara bähbit hem-de umumy ösüş ýörelgesine eýerip, ynanyşmagyň ýokary derejesini saklamaly hem-de islendik wagtda birek-birege kömek bermeli. Munuň özi halkara ýagdaýlaryň üýtgäp durýan, ählumumy energetika bazarynyň çuňňur özgerýän häzirki şertlerinde has-da derwaýysdyr" — diýip, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy aýdýar.

Onuň nygtamagyna görä, «CNPC» mundan beýläk-de gaz boýunça hytaý-türkmen gatnaşyklaryny täze belentliklere çykarmak üçin tagalla edip, Hytaýyň we Türkmenistanyň umumy ykbal bileleşigini kemala getirmäge goşant goşmaga taýýar.

 

Çeşme: «Türkmenistan» gazeti