Türkmenistandan şu ýylyň 21-nji maýy — 11-nji iýuny aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny döwlet tarapyndan Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 5-nji maýda degişli Buýruga gol çekdi.
Resminama laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugyna zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin ýörite uçar gatnawyny öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrmak tabşyryldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi