Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Baýram Baýramow Dubaýda «Dragon Oil» kompaniýasynyň baş direktory Abdulkarim Al-Maazmi bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň BAE-däki ilçihanasynyň web sahypasynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda energetika pudagynda uzak möhletli hyzmatdaşlygyň strategik ähmiýeti, şeýle hem onuň ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşýan goşandy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen diplomaty «Dragon Oil» kompaniýasynyň işiniň ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýandygyny belledi.
«Dragon Oil» kompaniýasynyň ýolbaşçylary hem, öz gezeginde, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdiler.
Söhbetdeşler özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri we sebitiň energetika pudagyny ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlar barada pikir alyşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar konstruktiw gepleşikleri dowam etdirmäge we alnyp barylýan işler üçin durnukly şertleri üpjün etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Çeşme: Türkmenistanyň BAE-däki ilçihanasy