Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda şu ýylyň ilkinji dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 1-nji maýda sanly ulgam geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz pudagynyň öňünde goýan wezipelerine seredildi we olary ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çykyş eden ýolbaşçylar garalýan döwürde pudaga degişli düzümler tarapyndan amala aşyrylan işleriň netijeleri baradaky maglumatlary aýtdylar.
Hususan-da, «Galkynyş» gaz käninde işleriň depginini ýokarlandyrmak, önümçilik desgalarynyň üznüksiz işlemegini üpjün etmek, täze ýataklary gözlemek we özleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, geologiýa gözleglerinde döwrebap tehnologiýalary we sanly çözgütleri ornaşdyrmak ýaly meselelere aýratyn üns berildi.
Wise-premýer Guwanç Agajanow iri nebit we gaz taslamalarynyň yzygiderli gözegçiliginiň, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň, önümçilik we maýa goýum meýilnamalarynyň wagtynda ýerine ýetirilmeginiň, howa şertlerini nazara alyp, işleriň netijeli guralmagynyň, şeýle hem pudagyň şypahanalaryny we saglyk merkezlerini tomus möwsümine ýokary hilli taýýarlamagyň möhümdigini belledi.
Maslahatda «Türkmennebit», «Türkmengaz» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.
Çeşme: «Ussat news» elektron gazeti