Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 6-njy maýda geçirilen söwdalaşyklarda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň önümlerine daşary ýurtly telekeçiler isleg bildirdi.
Has takygy, daşarky bazarda Gruziýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserninden “SN-180” kysymly başlangyç ýagyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Şeýle hem Şweýsariýanyň telekeçileri ýerli işewürlerden pagta süýümini satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 3 million 316 müň 950 amerikan dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy