Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow 6-njy maýda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Hasabatda Watan goragçylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen alnyp barylýan işler, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň we harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyň barşy barada hem aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz 9-njy maýda Ýeňiş güni mynasybetli göz öňünde tutulan çäreleriň ýokary guramaçylykda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary öz gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, degişli edaralaryň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabatlary diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy hem-de bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi