Türkmenistanda şu günler 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy giňden bellenilýär. Şu mynasybetli ýurduň dürli künjeklerinde we paýtagt şäher Aşgabatda dabaraly çäreler, maslahatlar, sergiler geçirilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde guralan «Hakyda ýazylan ýatlamalar» atly sergi hem munuň aýdyň mysalydyr.
Serginiň girişi hormatly Prezidentimiziň portreti, Diýarymyzyň özygtyýarlylygyny alamatlandyrýan Döwlet nyşanlarynyň fotosuratlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Beýik Ýeňiş barada aýdan pähimli sözleri bilen açylyp, ol Garaşsyzlyk döwrümizi, Watanymyzyň parahatçylygyny wasp edýän zergärçilik eserleri bilen dowam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň atasy, hormatly Prezidentimiziň garry atasy Berdimuhamet Annaýewiň hala çitilen suraty, Milli Liderimiziň halkymyz tarapyndan söýlüp okalýan eserleri hem sergide ýerleşdirildi. Şeýle-de bu ýerde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna degişli gymmatlyklar, esger hatlarynyň nusgalary, şol döwre degişli dürli serişdeler we esger esbaplary görkezilýär.
Sergide uruş ýyllarynda tylda gahrymançylykly zähmetiň nusgasyny görkezen türkmen zenanlarynyň fronta kömek hökmünde esgerlere niýetläp tiken ýyly egin-eşiklerini, altyn-kümüş bezeg şaýlaryny tabşyryp duran pursatlaryny görkezýän dokumental fotosuratlary synlamak bolýar. Söweşe gatnaşyp, gahrymançylyk görkezen Gurban Durdynyň, Aýdogdy Tahyrowyň, Allaberdi Agalyýewiň fotоsuratlary Watany goramagyň belent nusgasy hökmünde sergini görmäge gelenlerde aýratyn täsir galdyrýar. Sergide söweşde gahrymançylyk görkezen esgerleri tapawutlandyrmak üçin döredilen ordendir medallar, frontdan gelen hatlar, urşa gatnaşyp edermenlik görkezen harby esgerleriň şahsy resminamalaryna hem orun berildi.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Gahrymanlarymyza hormat” ady bilen guralan sergide uruş ýyllarynyň çeper beýany, halkymyzyň sarsmaz ruhy şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşli eserleriniň üsti bilen açylyp görkezilýär. Sergide ussat suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň eserleri ýerleşdirildi.
Ýeňiş güni mynasybetli Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Beýik Ýeňiş — baky şöhrata beslenen gahrymançylygyň, watansöýüjiligiň öçmez nusgasy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onuň işi umumy mejlisden hem-de bölümçelerden ybarat boldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi