«Türkmennebit» döwlet konserniniň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň wodorod gazyny arassalaýan we konsentrasiýany ýokarlandyrýan toplumyny gurmak göz öňünde tutulýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Desganyň gurluşygy «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan.
Şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň kuwwatlylygy bir gije-gündizde 145 müň 920 kub metr suwa deň bolan suw üpjünçilik we kanalizasiýa sehiniň howdandan suw alýan sorujylar bekediniň gurluşygy dowam etdiriler.