Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 7-nji maýda ýurdumyza sapar bilen gelen Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri hanym Mariam Kwriwişwilini kabul etdi.
Duşuşykda Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklara Gruziýada ýokary baha berilýändigini aýtdy. Ol mümkinçilikden peýdalanyp, Gruziýanyň Prezidentiniň we Premýer-ministriniň Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine iberen mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti dostlukly ýurduň wekilini mähirli mübärekläp, Gruziýanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de myhmanyň saparynyň dowamynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşjakdygyny belledi.
Duşuşygyň barşynda Aşgabatda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigi aýdyldy. Bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk döwletara dialogyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Energetika, senagat we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň oňyn netijeleri gazanyldy. Şunuň bilen birlikde, ulag-logistika ulgamy hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugrudyr.
Türkmenistanyň Prezidenti söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň ornuny aýratyn belläp, toparyň nobatdaky mejlisiniň bilelikdäki tagallalary birleşdirmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda halklary ýakynlaşdyrmakda hem-de medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda uly ornuny bellediler.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi