Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti)nde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisinden, Içeri işler ministrliginden, Baş prokuraturasyndan, Ýokary kazyýetden, Bilim ministrliginden, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden, Demokratik partiýadan, Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezinden, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşinden gelen wekiller çykyş etdiler. Olar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Konstitusiýasy, kanunlary, tertip-düzgüni berjaý etmek, temmäkä garşy göreşmek, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty barada hem-de kanun bozulmalaryň öňüni almak, ýol hereketiniň kadalary, ýaramaz endikleriň täsirleri, hadysalaryň netijeleri, jenaýatçylygyň alamaty, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini düşündirmek dogrusynda nygtadylar hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleriň döwletimiziň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellediler.
Çäräniň dowamynda ýurdumyzda hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işler, talyp ýaşlar bilen geçirilýän okuw-terbiýeçilik işleriniň ähmiýeti dogrusyndaky öwüt-ündewler duşuşygyň terbiýeçilik ähmiýetini has-da artdyrdy.
Çeşme: Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti