Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 8-nji maýda geçirilen söwdalaşyklarda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň önümleri içerki bazarda satyn alyndy.
Has takygy, içerki bazarda ýerli işewürler “Türkmennebit” döwlet konserninden biaksial-iki okly-ugrukdyrylan polipropilen örtügi (BUPÖ) TIP XII-Metallizirlenen örtügiň esasyny we metallizirlenen polipropilen örtügini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Daşarky bazarda bolsa Türkiýäniň telekeçileri ýerli işewürlerden nah ýüplügi satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 685 müň 586 manada we 227 müň 900 amerikan dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy