Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli “Beýik Ýeňşiň gahrymanlarynyň edermenligi -- nesilleriň buýsanjy” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Ylmy-amaly maslahatyň işi umumy mejlisden we 8 bölümçeden ybarat boldy. Çykyş edenler 1941-1945-nji ýyllaryň pajygaly urşy döwründe mertlikde, edermenlikde, gaýduwsyzlykda il-ýurt, Watan üçin janyny aýaman uruşda gahrymanlyk görkezen ärleriň, öý-ojagyny saklan mert zenanlaryň ýüreklerde hiç wagt öçmejek yz galdyrandyklaryny häzirki ýaşlaryň hem watansöýüji, edepli terbiýeli, ylymly-bilimli ýaşlar bolup ýetişmelidigini belläp geçdiler.
Maslahat işjeň ýagdaýda geçip, çykyş edenler bilen diňleýjiler sowal-jogap we pikir alyşdylar.
Çeşme: Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti