744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
09.05.2026
Türkmenistanyň Prezidenti “Gadamly” gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 8-nji maýda Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelip, Türkmenbaşy şäherindäki “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze gurlan “Gadamly” gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasyna gatnaşdy.

Medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary bu ýerde guralan dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Soňra bu ýerde hormatly Prezidentimiz täze gurlan gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasy mynasybetli çykyş etdi.

Çykyşda bellenilişi ýaly, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurlan «Gadamly» gämisi gury ýükleri daşamaga niýetlenip, onuň ýük göterijiligi 6 müň 100 tonna deň. Häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen bu gäminiň her biri 20 tonnalyk 240 sany ýük konteýnerini daşamaga ukyplydyr. Gämigurluşyk taslamasyny amala aşyrmakda türkmen hünärmenleri koreýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde netijeli iş alyp bardylar.

Dabarada täze gurlan gämi üçin halkara güwänamalar gowşuryldy.

Bu ýerde “Gadamly” gury ýük gämisiniň ýüzüşe goýberilmeginiň hormatyna toý sadakasy hem berildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi