Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 8-nji maýda Balkan welaýatynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy, şol sanda Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerine seredildi, şeýle hem käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Hormatly Prezidentimiz täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak we döwrebaplaşdyrmak işlerini yzygiderli alyp barmagyň, bu ugurdaky işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Soňra wise-premýerler öz gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, şol sanda Balkan welaýatyndaky degişli edara-kärhanalar tarapyndan amala aşyrylan işleriň netijeleri we dowam etdirilýän özgertmeler, ozal berlen tabşyryklaryň, bu sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça wezipeleriň berjaý edilişi barada hasabatlary berdiler.
Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň barşynda Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow hem çykyş edip, sebitde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň we maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün etmegiň, welaýatyň ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz häkime ilatyň arassa agyz suwy, elektrik energiýasy, tebigy gaz, ýaşaýyş jaýlary bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Döwlet Baştutanymyzyň Balkan welaýatyna iş sapary dowam edýär.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi