744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
09.05.2026
TNGIZT üçin täze «Kenar» sorujy bekedi we deňiz suwuny süýjediji desga gurlar

«Türkmennebit» döwlet konsernine Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy üçin täze «Kenar» sorujy bekediniň we öndürijiligi bir gije-gündizde 15 müň kub metr bolan deňiz suwuny süýjediji desganyň taslamasyny düzmek we olary gurmak barada «Nur Mimar» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 8-nji maýda Balkan welaýatynda geçirilen Hökümetiň göçme mejlisinde degişli Karara gol çekdi.

Resminamada gurluşyk işlerine 2026-njy ýylyň iýun aýynda başlamak hem-de bekedi we desgany 2029-njy ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Karar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nebiti gaýtadan işleýän kärhanalaryň önümçilik desgalarynyň arassalanan suw üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap desgalary gurmagy dowam etdirmek maksady bilen kabul edildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi