744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
12.05.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň wekillerini kabul etdi

11-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikany, «PETRONAS» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy we baş ýerine ýetiriji direktory Tan Şri Tengku Muhammad Taufigi, «PETRONAS» kompaniýasynyň Baş önümçilik direktory, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, gözleg we agtaryş, özleşdirme we çykaryş bölümçesiniň baş ýerine ýetiriji direktory Mohd Jukris bin Abdul Wahaby kabul etdi.

Duşuşykda myhmanlar Malaýziýada Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtadylar hem-de ýurdumyzda iş alyp barmagyň «PETRONAS» kompaniýasy üçin uly hormatdygyny bellediler. Şeýle-de Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Soltan Ibrahimiň we Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň hormatly Prezidentimize iberen mähirli salamy, iň gowy arzuwlary beýan edildi.

Öz nobatynda, döwlet Baştutanymyz hem Malaýziýanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we şu saparyň Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmekdäki uly ähmiýetini belledi. Hormatly Prezidentimiz myhmanlaryň saparyň dowamynda geçirjek duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemekde, anyk çäreleri durmuşa geçirmekde möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Malaýziýa bilen däp bolan özara bähbitli gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklap, ýurdumyzyň gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny aýtdy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi