744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
12.05.2026
«Türkmennebit» döwlet konserni bilen «PETRONAS» kompaniýasynyň arasynda Teswirnama gol çekiler

Habar berşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 11-nji maýda Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikany, «PETRONAS» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy we baş ýerine ýetiriji direktory Tan Şri Tengku Muhammad Taufigi, «PETRONAS» kompaniýasynyň Baş önümçilik direktory, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, gözleg we agtaryş, özleşdirme we çykaryş bölümçesiniň baş ýerine ýetiriji direktory Mohd Jukris bin Abdul Wahaby kabul etdi.

Duşuşykda aýdylmagyna görä, Malaýziýanyň wekiliýetiniň ýurdumyza şu gezekki saparynyň çäklerinde “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.” kompaniýasynyň arasynda täjirçilik şertleri barada Teswirnama gol çekilmegi meýilleşdirilýär.

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň ykdysady mümkinçiliklerinden peýdalanmakda “PETRONAS” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy. Hormatly Prezidentimiz şu ýyl ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga 30 ýyl dolýandygyna ünsi çekip, şol döwürde “PETRONAS” kompaniýasynyň Türkmenistanda uglewodorod serişdelerini çykarmak, Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşandygyny, ýurdumyzyň nebitgaz senagaty üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda üstünlikli işleri alyp barandygyny aýtdy.

Malaýziýanyň wekilleri «PETRONAS» kompaniýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýylyň dolmagy mynasybetli hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden gutladylar. Olar malaý-türkmen gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini belläp, ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini bütin adamzadyň bähbidine gönükdirýändigini aýtdylar we mümkinçilikden peýdalanyp, «PETRONAS» kompaniýasynyň öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryna mundan beýläk-de ygrarly boljakdygyna ynandyrdylar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi