744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
12.05.2026
Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 11-nji maýda obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.

Hasabatlarda Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hem aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, ekerançylyk meýdanlaryndaky möwsümleýin işlerde, hususan-da, gowaça we bugdaýa ideg işlerinde agrotehniki kadalaryň berjaý edilmeginiň, galla oragy möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi we häkimlere degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer Taňryguly Atahallyýew şu ýylyň 9-10-njy maýynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde “Gündogaryň merjeni” ady bilen geçirilen atly sport we gözellik bäsleşiklerinde ýurdumyzyň atşynaslarynyň behişdi ahalteke bedewleri bilen üstünlikli çykyş edip, ýeňiji bolmaklary mynasybetli döwlet Baştutanymyzy gutlady. Soňra ol ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere gowaça hem-de bugdaý ekilen meýdanlarda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, galla oragy möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýetini ýene-de bir gezek belledi we pile öndürmek, dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi