744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
12.05.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda geçirilýän halkara sergä gatnaşyjylara Gutlag iberdi

Şu gün Aşgabatda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergi öz işine başlady. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu halkara foruma gatnaşyjylara Gutlag iberdi.

Gutlagda bellenilişi ýaly, halkara sergi oba hojalygynda, azyk senagatynda we gaýtadan işleýän pudaklarda öňdebaryjy ylmy başlangyçlar, senagat işläp taýýarlamalary, täzeçil usullar babatda netijeli çözgütler bilen ýakyndan tanyşmak hem-de tejribe alyşmak üçin oňyn mümkinçilik bolup hyzmat eder. Onda sazlaşykly ösüşi, uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan gatnaşyklary giňeltmek babatda amatly şertler dörediler.

— Döwlet tarapyndan goldaw berlip, üstünlikli durmuşa geçirilýän iri maýa goýum taslamalaryna ýokary tehnologiýalary, innowasion başlangyçlary ornaşdyrmakda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň türkmen bazaryndaky ornuny pugtalandyrmakda şu gün öz işine başlaýan halkara serginiň uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn — diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gutlagynda nygtaýar.

Gutlagda häzirki döwürde doly derejeli we sagdyn iýmitlenmegiň elýeterli bolmagynyň, azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi hem bellenilýär. Şeýle-de azyk howpsuzlygyny berkitmek we azyk bolçulygyny üpjün etmek ugurlarynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Azyk we oba hojalyk guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigi aýdylýar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi