744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
15.05.2026
Gahryman Arkadagymyz Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatynda birnäçe teklipleri öňe sürdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna saparynyň çäklerinde, 14-nji maýda Kazan şäheriniň “Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatyna gatnaşdy.

Bu maslahatda çykyş etmek üçin, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyza söz berildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny Kazan şäherine 2026-njy ýylda «Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty» derejesiniň berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşynyň dowamynda mundan beýläk-de bilelikdäki iş üçin döredijilikli itergi we ugur berip biljek birnäçe anyk teklipleri beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyz ilki taryhy miras barada aýtdy we Türkmenistanyň yslam ýurtlarynyň taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak we baýlaşdyrmak boýunça Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ICESCO-nyň) uzak möhletleýin Strategiýasyny işläp taýýarlamaga girişmegi teklip edýändigine ünsi çekdi. Şunda diňe bir öwrenmäge we ylmy barlaglara däl-de, eýsem, edebi-publisistik eserleri, kinofilmleri döretmek, wirtual muzeýleri, galereýalary, beýleki giň elýeterli internet meýdançalaryny guramak arkaly yslam medeni mirasyny işjeň ilerletmäge ünsi jemlemegiň maksadalaýyk hasaplanylýandygy bellenildi.

Ikinji teklip bilim we magaryf işi barada boldy. Şunda Türkmenistanyň «Yslam şygryýet dialogy: paýhas we asyrlaryň baglanyşygy» atly giň gerimli maksatnamany durmuşa geçirmek baradaky başlangyjy öňe sürýändigi aýdylyp, ilkinji ädim hökmünde musulman dünýäsiniň görnükli şahyrlarynyň, akyldarlarynyň, filosoflarynyň, şeýle hem özüni yslama, yslam medeni koduna, dünýägaraýşyna degişli hasaplaýan awtorlaryň eserlerini öz içine aljak «Yslam şygryýetiniň bütindünýä antologiýasyny» döretmek barada oýlanmak teklip edildi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň yslam dünýäsiniň «akylly» şäherler diplomatiýasy başlangyjyny öňe sürýändigini aýdyp, şunda gurama agza döwletlerde, şeýle hem Türkmenistanda «akylly» şäherleri döretmegiň döwlet syýasatynyň ugry hökmünde işjeň ösdürilýändiginden ugur alynýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşynyň ahyrynda beýan edilen tekliplere we pikirlere düýpli serediljekdigine ynam bildirdi.

Maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň beýan eden teklipleriniň ähmiýetini belläp, olary doly goldadylar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi