744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
16.05.2026
Ýerli işewürler “Türkmennebit” döwlet konserninden «SN-350» kysymly başlangyç ýagyny satyn aldylar

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 15-nji maýda geçirilen söwdalaşyklarda hem ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň önümlerine içerki bazarda isleg bildirildi.

Içerki bazarda ýerli işewürler «Türkmennebit» döwlet konserninden «SN-350» kysymly başlangyç ýagyny satyn aldylar. Olar şeýle hem Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginden birinji hilli arassalanan pagta ýagyny we «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi bilen birinji hilli bugdaý ununy satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Daşarky bazarda Özbegistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) işewürleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserninden kükürtsizlendirilen dizel fraksiýasyny satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 61 615 000,00 manada we 1 042 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy