744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
16.05.2026
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory Hytaýa iş saparyny amala aşyrdy

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory Baýrammyrat Atamanow 13-15-nji maý günlerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu sapar Hytaýyň nebit uniwersiteti tarapyndan guralan «Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň Hytaýyň nebit uniwersitetinde bilim alýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň talyplaryna ýazan möhüm jogap hatyny öwrenmek we durmuşa geçirmek, şeýle hem “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň çäklerinde energetika ulgamynda ýokary bilimiň ýokary hilli ösüşi» atly simpoziuma gatnaşmak maksady bilen amala aşyryldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, türkmen wekiliýeti simpoziumyň plenar mejlisine gatnaşdy. Wekiliýetiň ýolbaşçysy Baýrammyrat Atamanow onda «Türkmenistan we Hytaý: ylym-bilim ulgamynda strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde nebitgaz pudagynyň önümçiligine innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak» diýen temada çykyş etdi.

Halkara çärä gatnaşyjylar golaýda Aşgabat şäherinde geçirilen «Türkmenistan — Hytaý Halk Respublikasy: gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygy» atly ýokary derejeli halkara ylmy-amaly maslahatyň netijeleri bilen tanyşdyryldy. Şeýle-de çykyşda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň binýadynda döredilen «Lu Ban ussahanasynyň» şowly işlemegine aýratyn üns çekildi.

Iş saparynyň meýilnamasyna laýyklykda, türkmen wekiliýetiniň agzalary medeni festiwalyň dabaraly açylyş çäresine hem gatnaşdylar. Onuň çäklerinde Hytaýyň bu ýokary okuw mekdebinde bilim alýan türkmen talyplary milli «Küştdepdi» tansyny şowhunly ýerine ýetirdiler.

Saparyň ikinji güni Hytaýyň nebit uniwersitetiniň geologiýa we himiýa barlaghanalarynyň maddy-tehniki, okuw hem-de ylmy-barlag binýady bilen tanyşmaga bagyşlanyp, türkmen hünärmenleriniň dykgatyna himiýa barlaghanasynyň okuw prosesinde emeli aň (EA) tehnologiýalaryny utgaşdyrmagyň we amaly taýdan peýdalanmagyň öňdebaryjy usullary hödürlendi.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory Baýrammyrat Atamanow saparyň ahyrky gününde «Lenovo» korporasiýasynyň ştab-kwartirasynda Sian nebit uniwersitetiniň hem-de Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen iş duşuşyklaryny geçirdi. Olardaky gepleşikler Türkmenistanyň çägindäki «Lu Ban ussahanasynyň» mundan beýläkki tehnologik enjamlaşdyrylyşy baradaky meseleler bilen bagly boldy.

Hytaý tarapy ussahanany döwrebaplaşdyrmagyň 3-nji tapgyrynyň çäklerinde amala aşyrylýan çäreleriň meýilnamasyny jikme-jik hödürledi. Konstruktiw pikir alyşmalaryň dowamynda türkmen tarapy merkeziň okuw we ylmy-barlag işleriniň ösüş depginini çaltlandyrmagyň möhümdigini nygtady hem-de hyzmatdaşlary ussahananyň doly güýjünde işlemegini üpjün etmek üçin işjeň amaly hereketlere geçmäge çagyrdy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi