744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
16.05.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanda bolan tebigy betbagtçylyklara gynanç bildirdi

Hindistanyň Uttar-Pradeş ştatynda tebigy betbagtçylyklar — güýçli tupanlar we ýagyşlar bolup geçip, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu zerarly Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmuwa hem-de ýurduň Premýer-ministri Narendra Modä gynanç hatyny iberdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan çuňňur gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi