Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 15-nji maýda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Hökümet mejlisinde ilki Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa hereket edýän kanunlary döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şeýle-de deputatlaryň alyp barýan wagyz-nesihat işleri, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň hukuk ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlary: häzirki zaman kanunçylygynyň milli modeli» atly ylmy-amaly maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz döwrüň talabyna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Soňra wise-premýerler öz gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, öňde boljak çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.
Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, garamagyna hödürlenilen teklipleri goldady we degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Hökümet mejlisiniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylary hem-de ähli halkymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlady.
Mejlise gatnaşyjylar hem döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza bu goşa baýramçylyk mynasybetli gutlaglaryny beýan etdiler.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi