Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 16-njy maýda geçirilen söwdalaşyklarda ýurdumyzyň önümlerine daşarky bazarda isleg bildirildi.
Has takygy, daşarky bazarda Owganystanyň işewürleri “Türkmenhimiýa” we “Türkmengaz” döwlet konsernlerinden suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 10 million 200 müň ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy