744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
18.05.2026
Aşgabatda we Daşkentde atşynaslaryň üstünlikleriniň şanyna dabaralar geçirildi

Ýakynda Özbegistanda «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçirilen atly sport we gözellik bäsleşiklerine Türkmenistandan gatnaşan ahalteke atlary üstünlikli çykyş edip, «Aziýanyň çempiony» we «Dünýäniň çempiony» diýen hormatly atlara we beýleki baýrakly orunlara mynasyp boldular. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Dowamat atly bedew dört we ulyýaşar atlaryň arasynda 1 müň 600 metr aralyga geçirilen çapyşykda ýeňiji, şeýle hem şol atçylyk toplumyna degişli Aýgytly diýen bedew ahalteke atlarynyň arasyndaky gözellik bäsleşiginiň absolýut ýeňijisi bolup, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň baş baýraklaryna – ýeňil awtoulaglara, kuboklara hem-de sertifikatlara mynasyp boldular. Türkmen atşynaslarynyň bu ajaýyp üstünlikleriniň şanyna 16-njy maýda Aşgabatdaky «Daşkent» dynç alyş seýilgähinde dabaraly çäre ýaýbaňlandyryldy.

Giň gerimli, aýdym-sazly dabaranyň başynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagy okaldy. Şeýle-de onuň dowamynda iki ýurduň wekilleri gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

Şol gün edil şol wagtda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherindäki «Aşgabat» seýilgähinde-de baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy. Ol geçirilen halkara bäsleşiklerde üstünlik gazanyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragyna, ýagny döwrebap awtoulaglara mynasyp bolan özbek atşynaslarynyň hormatyna guraldy.

«Aşgabat» seýilgähi Türkmenistanyň we Özbegistanyň baýdaklary, milli göller hem-de ahalteke bedewleriniň suratlarydyr keşpleri bilen bezeldi. Dabaranyň resmi böleginde Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ahalteke bedewleriniň arasynda «Gündogaryň merjeni – 2026» diýen at bilen geçirilen dünýä çempionatynyň ýeňijilerine iberen Gutlagy okaldy.

Özbegistanyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi