Patyşa maşgalasynyň çakylygy boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna sapary amala aşyrdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy saparynyň çäginde ir bilen Birleşen Patyşalygyň Windzor galasyna bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Windzor Patyşalyk atçylyk çykyşlarynyň guramaçylyk toparynyň ýolbaşçysy Edward Benýon we Windzoryň guramaçylyk işleri boýunça wekili Sara Ruterford-Jons mähirli garşyladylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri soňra Windzor galasynyň çäginde Onuň Alyjenaby, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III bilen duşuşdy. Karl III türkmen halkynyň Milli Liderini aýratyn hormat bilen garşylady. Şeýle hem ol Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşýandygyna örän şatdygyny nygtady.
Karl III 2015-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň “Çanakkala” ýadygärlikler toplumynda geçirilen çärelerde Milli Liderimiz bilen duşuşandygyny aýdyp, şol duşuşygyň özünde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrandygyny belledi. Ol Gahryman Arkadagymyzyň dünýäde uly abraý gazanan meşhur syýasatçy hökmünde tanalýandygyny aýdyp, halkara giňişlikde abraýly Lider bilen duşuşmagyň özi üçin hormatdygyny nygtady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Patyşa Karl III-ä hormatly Prezidentimiziň iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy, öz gezeginde, Gahryman Arkadagymyzdan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi. Şeýle hem ol döwlet Baştutanymyzyň 2023-nji ýylda Beýik Britaniýa amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny nygtady.
Geljekde ahalteke atlarynyň üsti bilen iki ýurduň arasyndaky atçylyk hyzmatdaşlygyny berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, Karl III indiki ýyl Beýik Britaniýada geçiriljek halkara atçylyk sport çärelerine behişdi ahalteke bedewleriniň hem gatnaşdyrylmagyna garaşylýandygyny aýtdy.
Birleşen Patyşalygyň Patyşasy şu günki çärä Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň gatnaşmagynyň britan halkyna goýulýan hormat hökmünde kabul edilýändigini belläp, munuň taryhy ähmiýetli wakadygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Karl III gaznanyň wise-prezidentiniň türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwer işlerini mynasyp dowam etdirýändigine ünsi çekdi.
Milli Liderimiz Edinburgyň Gersogy Şazada Edwardyň maşgalasy hanym Sofi Helen bilen hem gürrüňdeş boldy.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Onuň Alyjenaby, Edinburgyň Gersogy Şazada Edward bilen duşuşdy. Şazada Edward Gahryman Arkadagymyzy britan topragynda görýändigine şatdygyny aýtdy.
Milli Liderimiz bu ýerde mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Şazada hormatly Prezidentimiziň iberen salamyny, hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Şazada Edward tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz gezeginde, Gahryman Arkadagymyzdan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi.
Duşuşykda Gahryman Arkadagymyz bu ýerde atçylyk bilen bagly çäreleriň ýokary derejede guralandygyny belläp, munuň üçin minnetdarlygyny beýan etdi. Atly sport çärelerine Türkmenistan bilen birlikde, 20 ýurtdan dürli atşynaslar atlary bilen gatnaşdylar.
Gepleşikleriň dowamynda Şazada Edward Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen gürrüňdeş boldy. Ol behişdi bedewler arkaly, ippoterapiýanyň kömegi bilen ylmy esasda mümkinçiligi çäkli çagalarda bejeriş işleriniň geçirilýändigini aýtdy. Bedewleriň ynsan saglygyna edýän oňyn täsiri halkymyzyň köpýyllyk tejribesiniň aýdyň beýanydyr. Şazada Edward şeýle tejribä uly gyzyklanma bildirdi we geljekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Beýik Britaniýanyň Patyşasy Karl III-ä, şeýle hem Şazada Edwarda, onuň maşgalasyna Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de halkymyzyň adyndan toý sowgatlaryny gowşurdy.
Milli Liderimiz Beýik Britaniýanyň Patyşasy we Şazadasy bilen bolan duşuşyklarda Patyşa maşgalasynyň agzalaryny şu ýyl ýurdumyzda giňden belleniljek Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuna hem-de behişdi bedewlerimiz bilen bagly çärelere gatnaşmaga çagyrdy. Bu çakylyklar uly hormat bilen kabul edildi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Windzor galasynyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan atly sport çykyşlaryna tomaşa etdi we bu ýerde ahalteke bedewlerine bagyşlanan sergini synlady.
Milli Liderimiz Windzor galasynda Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Elçin Guliýew bilen hem duşuşdy. Ol Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize mähirli salamyny ýetirdi we dostlukly ýurduň döwlet Baştutanynyň ýörite sowgatlaryny gowşurdy. Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Azerbaýjan Respublikasynyň atly ýigitleriniň görkezme çykyşlaryna tomaşa etdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, Windzor galasyndan ugrady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna saparyny tamamlap, Watanymyza ugrady. Birnäçe sagatdan soňra, Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi