744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
18.05.2026
Hormatly Prezidentimiz halkymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlady

Şu gün ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni giňden bellenilýär. Şu mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ähli halkymyza baýramçylyk Gutlagy bilen ýüzlendi.

"Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip ykrar edýän Konstitusiýamyz hem-de Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň, jebisligimiziň ebedilik nyşany bolan Döwlet baýdagymyz biziň milli mukaddesliklerimizdir. Täzelenişi we ýaşaýşy dabaralandyrýan ýaşyl reňkli Döwlet baýdagymyzyň ýüzündäki dünýä nusgalyk haly gölleri milli mertebämiziň, parahatçylygyň, abadançylygyň nyşany bolan zeýtun baldajyklary bolsa ynsanperwerligimiziň dabaralanmasydyr. Biziň her birimiziň gursagymyzda Watana bolan milli buýsanjy oýaryp, täze şöhratly menzillere ruhlandyrýan Döwlet tugumyzda şekillendirilen bäş ýyldyz hem-de ýarymaý agzybirligimiziň we jebisligimiziň sarsmaz kepilligidir" diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gutlagynda nygtaýar.

Hormatly Prezidentimiz halkymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlap, watandaşlarymyza berk jan saglyk, asuda we abadan durmuş, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýär.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi