744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
19.05.2026
Birža söwdalarynda nebitgaz pudagynyň önümleri içerki bazarda uly islege eýe boldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy. Şolaryň arasynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň önümlerini satyn almak bilen bagly geleşikler hem bar. Geçen hepdede bu önümlere, esasan, içerki bazarda isleg bildirildi.

Has takygy, geçen hepdäniň birža söwdalarynda ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin umumy bahasy 118 million 350 müň manada deň bolan binýatlyk ýagyny ("Türkmennebit" döwlet konserni), şeýle-de aşgarlanmadyk matany, arassalanan pagta ýagyny, bugdaý ununy satyn aldylar.

Daşarky bazarda bolsa Özbegistanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny («Türkmenhimiýa» döwlet konserni) daşary ýurt pulunda satyn aldylar.

Şeýle-de daşary ýurt puluna Gonkongyň, Özbegistanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine ýorgan-düşek daşlyklarynyň toplumlary, pagta ýagynyň galyndylarynyň düzümindäki ýagly turşulyklar, buýan köküniň gury ekstrakty, çig ýüpek, nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 13 million 66 müň dollaryndan gowrak boldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi