744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
20.05.2026
«Türkmengaz» döwlet konserniniň folklor topary Azerbaýjanda geçirilen halkara festiwala gatnaşdy

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Galkynyş» folklor topary ýakynda Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde geçirilen «Harybülbül» atly 9-njy halkara festiwala gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, agzalan topar festiwalda çykyş etmek bilen, milli folklor sungatymyzy halkara derejede dabaralandyrdy.

Türkmenistanyň «Galkynyş» folklor toparynyň çykyşlary halkara festiwalda türkmen milli sungatynyň köpöwüşginliligini açyp görkezdi.

Festiwal diňe bir milli sungaty görkezmek üçin däl, beýleki halklaryň medeniýeti bilen tanyşmak, döredijilik gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we medeni alyş-çalşy ösdürmek üçin hem meýdança boldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi