«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň özleşdiren nazary bilimlerini önümçilik tejribesi bilen utgaşdyrmak maksadynda «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň baş gaz geçirijisiniň ugrundaky «Şatlyk» gaz gysyjy desgasynda olar üçin ýörite göçme okuw sapagy geçildi. Ol talyplaryň nazary bilimlerini önümçilik şertlerinde berkitmekde, olary gaz gysyjy desgalaryň işleýiş ýörelgeleri, tehnologik enjamlar we howpsuzlyk kadalary bilen ýakyndan tanyşdyrmakda ähmiýetli boldy.
Tejribeli inženerler we hünärmenler talyplara giňişleýin maglumat berdiler. Talyplar özlerini gyzyklandyrýan degişli sowallara degerli jogaplary aldylar.
«Gündogargazakdyryş» müdirliginiň goldawy bilen guralan çäre bilim ojaklary bilen önümçiligiň arasyndaky arabaglanyşygy has-da pugtalandyrdy. Munuň özi kämil, tejribeli we döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlaryň nebitgaz pudagyna ökde hünärmenler bolup gelmeginde örän ähmiýetlidir.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti