Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 19-njy maýda geçirilen söwdalaşyklarda ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň önümlerine içerki bazarda isleg bildirildi.
Hususan-da, içerki bazarda ýerli işewürler “Türkmennebit” döwlet konserninden “SN-350” kysymly başlangyç ýagyny satyn aldylar. Olar şeýle hem Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginden 1-nji hilli arassalanan pagta ýagyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Daşarky bazarda Gyrgyzystanyň telekeçileri ýerli işewürlerden nah ýüplügi satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 22 million 665 müň manada we 855 müň 800 amerikan dollaryna deň bolan 7 geleşik baglaşyldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy