744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
21.05.2026
Birža söwdalarynda nebitgaz pudagynyň önümine ýerli telekeçiler isleg bildirdi

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 20-nji maýda geçirilen söwdalaşyklarda ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagynyň önümlerine içerki bazarda isleg bildirildi.

Içerki bazarda ýerli telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninden «SN-350» kysymly başlangyç ýagyny satyn aldylar. Olar şeýle hem «Türkmenýüpek» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden çig ýüpegi we «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi bilen birinji hilli bugdaý ununy satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Daşarky bazarda ýerli işewürlerden Türkiýe Respublikasynyň telekeçileri pagta süýümini we nah ýüplügi, Azerbaýjanyň işewürleri nah ýüplügi satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 64 639 000 manada we 1 326 600 ABŞ dollaryna deň bolan 8 geleşik baglaşyldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy