744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
21.05.2026
Türkmenistan «EKSPO — 2027» Bütindünýä sergisinde hem ilkinjileriň hatarynda öz Milli gününi geçirmegi meýilleşdirýär

2027-nji ýylyň 15-nji maýy — 15-nji awgusty aralygynda Serbiýanyň Belgrad şäherinde «EKSPO — 2027» Bütindünýä sergisi geçiriler. Oňa bir ýyldan hem az wagt galdy. Bütindünýä sergisine Türkmenistan hem özüniň Milli pawilýony bilen gatnaşar. Adatça bolşy ýaly, bu sergide ýurdumyzyň ähli ugurlarda, şol sanda ýangyç-energetika ulgamynda gazanýan dünýä ähmiýetli ösüşleri hem şöhlelendirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň degişli tabşyryklaryna laýyklykda, häzirki wagtda Türkmenistanyň bu abraýly foruma gatnaşmagy bilen bagly taýýarlyk işleri ýokary derejede alnyp barylýar.

«Biznes reklama» gazetinde habar berilmegine görä, serginiň ilkinji günlerinde, has takygy, 2027-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Milli gününi geçirmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi ýurdumyzyň ýokary halkara abraýynyň nobatdaky mysalyna öwrüler. Ozal Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilen «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde hem Türkmenistan ilkinjilerden biri bolup, öz Milli gününi gurapdy.

Nobatdaky serginiň umumy meýdany 25 müň gektara barabar bolup, oňa 120-den gowrak ýurduň we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşarlar. Deslapky hasaplamalara görä, sergä 4 milliondan gowrak adamyň baryp görmegine garaşylýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň Milli pawilýonyny ýokary derejede gurmak bilen baglanyşykly işler Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan guramaçylykly alnyp barylýar. «Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin» («Play for Humanity: Sports and Musicfor All») atly umumy şygar astynda geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli pawilýony «Türkmenistan — parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany» («Turkmenistan – Melody of Peace, Home of Health») atly tema boýunça gurlar.

«EKSPO — 2027» Bütindünýä sergisine taýýarlyk görmek bilen bagly geçirilýän mejlislere türkmen wekiliýeti yzygiderli gatnaşýar. Hususan-da, 2025-nji ýylyň 9 — 12-nji iýuny, 2026-njy ýylyň 10 — 12-nji marty aralygynda sergä gatnaşyjy halkara wekiliýetleriň birinji we ikinji mejlislerine Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.

Umuman, «EKSPO — 2027» Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagy bilen bagly işler utgaşykly görnüşde, ýokary derejede alnyp barylýar. Ýurdumyzyň bu abraýly sergä üstünlikli gatnaşmagy ata Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraý-mertebesini ýene bir gez beýgelder.

 

Çeşme: «Biznes reklama» gazeti