744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
22.05.2026
Telekeçiler “Türkmennebit” döwlet konserninden “SN-600” kysymly başlangyç ýagyny satyn aldylar

21-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň önümleri hem hyrydarly boldy.

Has anygy, içerki bazarda ýerli telekeçiler “Türkmennebit” döwlet konserninden “SN-600” kysymly başlangyç ýagyny satyn aldylar. Şeýle-de olar "Türkmengallaönümleri" döwlet birleşiginden 1-nji hilli bugdaý unyny, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginden 1-nji hilli arassalanan pagta ýagyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Daşarky bazarda bolsa Gyrgyzystanyň telekeçileri ýerli işewürlerden nah ýüplügi satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 79 million 980 müň manada we 1 million 344 müň 200 amerikan dollaryna deň bolan 10 geleşik baglaşyldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy