744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
22.05.2026
Nebitgazçy talyplar Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllygyna bagyşlanan çärä gatnaşdylar

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Durmuş ýoly kitap bilen başlanýar» atly edebiýat agşamy geçirildi. Ol ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlandy. Edebiýat agşamyna ýazyjy-şahyrlar bilen birlikde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary hem gatnaşdylar.

Çärede çykyş edenler ýazyjynyň ömri we döredijiligi hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Bellenilişi ýaly, türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, oňa aýratyn ähmiýet berip gelipdir.

Edebiýat agşamy nebitgazçy talyplarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Çykyş edenler ruhy-medeni, edebi mirasymyza belent sarpa goýýan we olaryň geljek nesillere aýawly ýetirilmegine uly ähmiýet berip, bu babatda ähli mümkinçilikleri döredýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Çeşme: Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti