Häzirki wagtda hytaý tarapy Türkmen-hytaý energetika okuw merkezinde hytaý dilinden bilim berjek mugallymlary seçip almak boýunça degişli işleri alyp barýar. «Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, bu barada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory Baýrammyrat Atamanowyň ýakynda Pekin şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde bilelikdäki Türkmen-hytaý energetika okuw merkeziniň işini ýola goýmak bilen baglylykda geçirilen üçtaraplaýyn iş duşuşygynda aýdyldy. Bu duşuşyk şu ýylyň 16-njy aprelinde Aşgabat şäherinde gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda guraldy. Oňa gatnaşanlar agzalan merkeziň iş meýilnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Saparynyň dowamynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory Hytaýyň nebit uniwersitetiniň guramagynda geçirilen, «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň çäklerinde energetika ulgamynda ýokary hünär biliminiň ösüşine bagyşlanan halkara maslahata gatnaşyp, onda eden çykyşynda Türkmenistan bilen Hytaýyň ylym-bilim ulgamyndaky strategik hyzmatdaşlygynyň çäklerinde nebitgaz pudagynyň önümçiligine innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy hakynda gürrüň berdi. Çykyşda Aşgabat şäherinde geçirilen «Türkmenistan — Hytaý Halk Respublikasy: gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyly» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň we serginiň netijelerine, «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyrynyň çäginde bilelikde alnyp barylýan işlere aýratyn üns çekildi.
Çeşme: «Türkmenistan» gazeti