744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
23.05.2026
Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 22-nji maýda sanly ulgam arkaly Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Hökümet mejlisinde ilki wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetini işläp düzmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ol döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu işleri geljek ýylda hem dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda Karara gol çekdi we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra beýleki wise-premýerler­ öz gözegçilik e­dýän ulgamlarynda aln­yp barylýan işler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, öňde boljak­ çärelere görülýän taýýarlyk işleri barad­a hasabatlary berdile­r.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlar­y diňläp, garamagyna hödürlenilen teklipleri makullady we d­egişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 20-nji maýda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen hödürlenen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly täze Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky hoş habar hem aýdyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet mejlisiniň barşynda 27-28-29-njy maýda Gurban baýramyny bellemek hakynda Permana gol çekdi. “Gurbanlyk günlerinde beriljek sadakalar kabul bolsun!” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we mejlise gatnaşyjylary, halkymyzy 25-nji maýda belleniljek Aşgabat şäheriniň güni, «Soňky jaň» dabarasy, şeýle-de onuň yzysüre gelýän Gurban baýramy bilen gutlady.

Mejlise gatnaşyjylar hem döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza bu baýramçylyklar mynasybetli gutlaglaryny beýan etdiler.

Hökümet mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi