744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
23.05.2026
Türkmenistan Hazar deňzindäki nebitgaz ýataklaryny özleşdirmekde hyzmatdaşlygy dowam eder

Türkmenistanda Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlaryny özleşdirmek boýunça giň gerimli, netijeli işler alnyp barylýar. Şunda ýurduň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmek babatda döredilen hukuk, ykdysady şertler hem-de oňyn maýa goýum gurşawy esasynda iri daşary ýurt kompaniýalary bilen nebitgaz pudagynda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Hususan-da, Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlaryny özleşdirmek babatda giň gerimli işler amala aşyrylyp, möhüm ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada 22-nji maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Guwanç Agajanowyň hasabatynda aýdyldy.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki nebitgaz ýataklarynyň özleşdirilmeginiň uglewodorod gorlaryny artdyrmaga, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge ýardam berýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işleri dowam etdirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi