Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 22-nji maýda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen daşary ýurtlaryň birnäçe ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi.
Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi. Duşuşykda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň mundan beýläk-de Arkalaşygyň howandarlygynda guraljak halkara çäreleriň myhmansöýerlik ýörelgelerine laýyklykda, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek üçin ähli zerur tagallalary etjekdigini tassyklady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz şu ýylyň 9-njy oktýabrynda Hazaryň ajaýyp kenarynda geçirilmegi meýilleşdirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň ähmiýetine aýratyn ünsi çekip, bu sammitiň ýylyň esasy wakasy boljakdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň işgärler toparyna we Baş sekretar Sergeý Lebedewe bilelikdäki netijeli hyzmatdaşlygy guramakda görkezýän ýokary hünär ussatlygy hem-de jogapkärçilikli çemeleşmeleri üçin minnetdarlyk bildirdi.
******
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin bilen duşuşykda ol Prezident Wladimir Putiniň döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirip, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmäge döredilen şertler üçin hoşallygyny beýan etdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge we pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi. Söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň özara söwdanyň möçberini artdyrmaga we harytlaryň görnüşlerini giňeltmäge, işewür toparlaryň wekilleriniň arasynda has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
******
Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow bilen duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň alyp barýan işiniň aýratyn ähmiýeti bellenildi. Iki ýurduň Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda geografik taýdan amatly ýerleşmegini nazara almak bilen, ilkinji nobatda, energetika, logistika, ulag ulgamlarynda bar bolan mümkinçilikleri doly ulanmagyň zerurdygyna üns çekildi. Hormatly Prezidentimiz medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigini aýdyp, ýurdumyzyň Azerbaýjan Respublikasy bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.
Premýer-ministr Ali Asadow ýokary döwlet derejesindäki yzygiderli dialogyň ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň Prezidentini özi üçin amatly wagtda sapar bilen Azerbaýjana gelmäge çagyrdy.
******
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow düýn Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Aleksandr Turçini hem kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz duşuşykda Türkmenistan bilen Belarusuň arasynda dürli derejedäki gatnaşyklaryň hem-de halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda türkmen-belarus hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň dowam etdirilýändigini aýtdy. Şunda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň, şol sanda senagat kooperasiýasynyň ösdürilýändigi, özara bähbitli bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilýändigi nygtaldy. Taraplar netijeli döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.
******
Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenowy kabul edişlikde hormatly Prezidentimiz myhmanyň şu saparynyň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da ösdürmäge ýardam etjekdigine berk ynam bildirdi. Ýurdumyzyň Gazagystan Respublikasy bilen mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklap, döwlet Baştutanymyz türkmen-gazak gatnaşyklarynyň iki ýurduň doganlyk halklarynyň bähbidine yzygiderli berkidiljekdigine ynam bildirdi.
******
Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Prezidentiň Diwanynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýewi kabul edende hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Gyrgyz Respublikasy bilen ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine ýokary baha berýändigini kanagatlanma bilen nygtady. Häzirki wagtda ulag, nebitgaz senagaty, elektroenergetika, oba hojalygy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň uly geljeginiň bardygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bu ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
******
Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen duşuşykda Türkmenistanyň bu ýurt bilen deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge uly ähmiýet berýändigi bellenildi. Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn ünsi çekdi. Elektroenergetika, ulag, oba hojalygy we söwda ulgamlary, bilelikdäki iri düzümleýin hem-de maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek geljegi uly ugurlaryň hatarynda bellenildi. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmagyň hem wajypdygy aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň geljekde hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge, iki halkyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarmaga ygrarlydygyny tassyklady.
******
Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripowy kabul edende hormatly Prezidentimiz iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdyp, bu ulgamda baý tejribäniň toplanandygyny aýratyn nygtady. Ulag we logistika ulgamy türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Şeýle hem ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygy nygtaldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi