744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
26.05.2026
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda önümçiligiň depgini artýar

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda önümçiligiň ösüş depgini yzygiderli ýokarlanýar. Şu ýylyň geçen hasabat döwründe toplumda nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasynyň 104,9 göterim üstünlikli berjaý edilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir. Şeýle-de bu ýerde benzin, şol sanda dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamalary, degişlilikde, 113,7 we 108,7 göterim amal edildi. Çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 110,3 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy bolsa 122,1 göterim ýerine ýetirildi. Toplumda tebigy we ugurdaş gazy çykarmakda hem gowy görkezijiler gazanylyp, degişli meýilnama 106,7 göterim berjaý edildi.

Toplumyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, kuwwatly gaz turbinaly elektrik stansiýalarynyň gurlup ulanmaga berilmegi, ozalkylarynyň durkunyň düýpgöter täzelenmegi uglewodorod çig mal serişdeleriniň senagat taýdan gaýtadan işlenilýän möçberleriniň düýpli artmagyny şertlendirdi.

Zawodlar toplumynda ýakyn we uzak geljege gönükdirilen taslamalar hem kuwwatly önümçilik düzümleriniň ygtybarly ösüşini üpjün edýär. Dünýä hil ülňülerine laýyk gelýän geçginli, bäsdeşlige ukyply önümlere içerki we daşarky bazarlarda islegler ýokarlanyp, olaryň hyrydarlary barha artýar.

Şu günler nebiti gaýtadan işleýjiler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk ýubileý toýy giňden belleniljek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny guwandyryjy önümçilik görkezijilerine beslemek maksady bilen has-da öndürijilikli zähmet çekýärler.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti