744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
26.05.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi

Gruziýa öz milli baýramyny — Garaşsyzlyk gününi belleýär. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwilä hem-de Premýer-ministri Irakliý Kobahidzä tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Biz Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklara uly ähmiýet berýäris. Ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dürli ugurlar boýunça ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirýäris» diýip, türkmen döwletiniň Baştutany hatynda belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Mihail Kawelaşwilä we Premýer-ministr Irakliý Kobahidzä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Gruziýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi