744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
26.05.2026
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 25-nji maýda wise-premýer Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.

Hasabatlarda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine, Gurban baýramy mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere sebitlerde taýýarlyk görlüşi barada hem aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz bugdaý oragyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmegiň, ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreleriň talabalaýyk alnyp barylmagynyň möhümdigini belledi we bu babatda häkimlere anyk tabşyryklary berdi.

Häkimlere Gurban baýramy mynasybetli welaýatlarda medeni-köpçülikleýin çäreleri ýokary guramaçylykly geçirmek babatda-da tabşyryklar berildi.

Iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew welaýatlarda galla oragyna başlamaga ak pata berendigi üçin hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň oba zähmetkeşleriniň, gallaçy babadaýhanlarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Soňra wise-premýer oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň, bu işlerde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň, önümçilige innowasion usullaryň yzygiderli ornaşdyrylmagynyň ekinlerden bol hasyl almaga, netijede, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmaga ýardam berýändigini belledi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan işleriň agrotehniki talaplara laýyklykda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi