744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
27.05.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Gurban baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Gurban baýramy bilen gutlady.

Döwlet Baştutanymyz Hatynda ynsanyýetiň ählumumy medeni mirasynyň gymmatly bölegine öwrülen Gurban baýramy türkmen halkynyň baý ruhy dünýäsiniň, köpasyrlyk däp-dessurlarynyň we ynanç-ygtykatlarynyň belent dabaralanmasydygyny belledi. Ynsanperwerlik, dostluk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini rowaçlandyrýan bu mukaddes baýram halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýär hem-de jemgyýetimizde agzybirligi, özara hormat-sylagy, ruhy bitewüligi has-da pugtalandyrýar.

Türkmenistanyň Prezidenti bu nurana baýrama bagyşlanyp geçiriljek dabaralaryň bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyzda mähriban halkymyzyň watansöýüjilik duýgusyny, döredijilik hyjuwyny, zähmet joşgunyny has-da belende göterjekdigine berk ynam bildirdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz şu nurana günlerde watandaşlarymyzyň uly toparynyň Saud Arabystany Patyşalygynyň mukaddes şäherleri bolan Mekgede we Medinede haj parzyny berjaý etmekleriniň biziň dowamat-dowam bolup gelýän ýokary ynsanperwer gymmatlyklara goýýan belent sarpamyzyň aýdyň dabaralanmasydygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nygtamagyna görä, beden we ruhy tämizlige, ahlak arassalygyna aýratyn ähmiýet beren pederlerimiziň asylly ýörelgelerini, dini we dünýewi ygtykatlarymyzy baýlaşdyrmak hem-de dünýä ýaýmak arkaly milli mertebämizi beýgeldýäris.

«Mübärek Gurban baýramy günlerinde berjek gurbanlyk sadakalaryňyz, merdana halkymyzyň agzybirligi, abadançylygy, Garaşsyz Watanymyzyň berkararlygy hem-de rowaçlygy üçin etjek doga-dilegleriňiz, ýagşy umyt-arzuwlaryňyz Gudraty Güýçli Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun!» diýip, Döwlet BaştutanHatynyň soňunda ýazdy we türkmen halkyna berk jan saglyk, asuda we abadan durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.